4-nji fewralda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynda türkmen ýaşlarynyň, talyplarynyň we diaspora wekilleriniň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy mynasybetli çäre geçirildi.
Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Ataýew çäräni açyp, Garaşsyzlygyň 35 ýyllygynyň diňe bir şanly bolman, eýsem, ýurduň geçen ýoluna, gazanylan netijelere we geljekki ösüşiň strategik maksatlaryna çuňňur baha bermek üçin möhüm tapgyrdygyny nygtady.
Çärede 2026-njy ýylyň şygarynyň Garaşsyzlygyň şanly toýy bilen baglanyşykly dabaralandyrylmagynyň Türkmenistanyň taryhy däpleri bilen häzirki zaman ösüşiniň sazlaşygyny aýdyň görkezýändigi, ganatly bedewlerimiziň keşbiniň bolsa ýurduň täze üstünliklere, ösüşe we abadançylyga tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň nyşany bolup durýandygy bellenildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Bu ýerde ilçihananyň wekili hem çykyş edip, kitapda beýan edilen esasy düşünjeleri, onuň Türkmenistanyň häzirki ösüş ýolunyň ähmiýetini, şeýle-de ýaşlaryň hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýlan strategik wezipeleri durmuşa geçirmekdäki orny hakynda söhbet etdi.
Şeýle hem çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň dürli ugurlardaky gazananlary, ýurduň yzygiderli ösüşi, bitaraplyk we durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygy, innowasiýalara ymtylyşy, medeni mirasyň goralmagy we ösdürilmegi baradaky wideoşekiller görkezildi.
Çäräniň dowamynda dutarda milli sazlaryň ýerine ýetirilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna, Bitaraplygyna we gazanan üstünliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy.