31-nji awgustda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Ýeňiş gününiň 104 ýyllygyna bagyşlanan resmi kabul edişlik geçirdi.
Çärä Türkiýäniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Çebeji, Harby attaşe polkownik Sedat Kyrmyzy, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryñ ýolbaşçylary, ministrlikleriň we edaralaryň, türk diasporasynyň wekilleri we žurnalistler gatnaşdylar.
Çäräniň resmi bölüminde ilçi Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlag hatyny okady.
Şondan soň çykyş eden ilçi doganlyk türkmen halkyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi we ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli esasy ugurlarda yzygiderli ösýändigini we pugtalanýandygyny nygtady.
Türkiýäniň Ýaragly Güýçleriniň güni hökmünde hem bellenilýän Ýeňiş güni türk halkynyň milli baýramçylgy bolup, gözbaşyny 1922-nji ýylyň 30-njy awgustyndan alyp gaýdýar.
