Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

MilliInfo

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki täze bellenen ilçisi Baýram Baýramow BAE-niň daşary işler ministriniň orunbasary Omar Obaid Alheýsan Alşamsä ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Duşuşykda syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer we beýleki bilelikde gyzyklanma bildirilýän ulgamlarda türkmen-emirlik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplaryň duşuşygy dostlukly we guramaçylykly ýagdaýda geçdi we Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky däp bolan dostluk hem hyzmatdaşlyk ruhuny şöhlelendirdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo