Ýurdumyzyň ilçisi Tailandyň Daşary işler ministrliginiň wekili bilen duşuşdy

MilliInfo
Ýurdumyzyň ilçisi Tailandyň Daşary işler ministrliginiň wekili bilen duşuşdy

31-nji iýulda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi M.Maşalowyň Tailand Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Tailandyň Daşary işler ministrliginde Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogar we Afrika işleri boýunça Baş direktor Urasa Mongkolnawin bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek, ýokary derejeli saparlary guramak, syýasy geňeşmeleri geçirmek we söwda-ykdysady, ulag-logistika, maýa goýum, medeni-ynsanperwer, bilim hem-de syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmek baradaky garaýyşlaryny tassykladylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info