4-nji noýabrda Indoneziýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur ş.) M.Maşalow bilen bu ýurduň DIM-niň Protokol we konsullyk departamentiniň başlygy Endi Rahmiantonyň duşuşygy geçirildi. Ilçi M.Maşalow ynanç hatlaryň nusgalaryny gowşurdy.
Indoneziýanyň wekili ilçini jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikler arzuw etdi we diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam hem-de goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara dialogy ösdürmekde ýokary derejedäki dialogyň ähmiýetini belläp, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň saparlaryny we duşuşyklaryny guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Indoneziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli aragatnaşygy saklamak babatynda ylalaşdylar.

