Türkmenistanyň ilçisi Tailandyň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

MilliInfo

10-njy fewralda Bangkok şäherinde Tailandyň Patyşasynyň köşgünde (Amphorn Royal Palace) ilçi M.Maşalowyň Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Kuala Lumpur ş.) hökmünde Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň barşynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tailandyň Patyşasyna mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Patyşa ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem, özüniň geljekde Türkmenistana saparyny amala aşyrmak meýliniň bardygyny nygtap geçdi. Galyberse-de, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmage bolan gyzyklanmasy tassyklanyldy.

Ynanç hatyny gowşuryş dabarasyndan soňra, Tailand Patyşalygynyň daşary işler ministri Sihasak Phuangketkeo bu ýurda täze bellenen ilçiler bilen gysgaça gürrüňdeşlik gurady. Söhbetdeşlikde Tailand Patyşalygynyň daşary işler ministri ilçiniň diplomatik işini amala aşyrmagyna ýardam hem goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Tailand Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli gatnaşyklary saklamak babatynda ylalaşdylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info