10-njy iýulda Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi B.Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Rustam Baýalyýew bilen duşuşdy.
Ilçi 2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport boýunça we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin R.Baýalyýewe çakylyk hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar atçylyk sportunda hyzmatdaşlygy ösdürmek, milli atçylyk däplerini gorap saklamak we wagyz etmek, şeýle hem bilelikdäki çäreleriň geljegi barada pikir alyşdylar.
Türkmen halkynyň milli baýlygy bolan we özboluşly häsiýetleri bilen bütin dünýäde ykrar edilen ahalteke tohumynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler atçylyk sportunyň Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekdäki möhüm ornuny bellediler.
