Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda ýurdumyzyň ilçisi A.Annaýewiň Rumyniýanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Marilena Mladin bilen duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar atçylyk we atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Dünýä gymmatlygy we Türkmenistanyň milli nyşany hökmünde ykrar edilen ahalteke atlarynyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Türkmen tarapy pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler, şol sanda döwrebap düzüm, «Türkmenatlary» Döwlet birleşiginiň işi hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy barada maglumat berdi.
Türkmen bedewiniň milli baýramyna aýratyn orun berildi. Bu baýramyň çäklerinde geçirilýän halkara çäreleriniň dünýä derejeli hünärmenleriň arasynda ylmy we hünär alyş-çalşygy üçin täsirli meýdança bolup hyzmat edýändigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar gatnaşyklary iş ýüzünde çuňlaşdyrmaga, şol sanda hünärmenleriň özara tejribe alyşmagyna we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.