Şu gün — 19-njy awgustda Türkmenistanyň Tokiodaky ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça täze bellenen Ýörite wekili T.Işigaki bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykdan, şeýle hem ýokary derejedäki saparlar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Bu ýerde ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň ýokary ösüş depgini nygtaldy. Munuň esasynyň hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň dowamynda Ýaponiýa iki gezek amala aşyran üstünlikli saparyndan ugur alýandygy bellenildi.
Duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alşyldy. Şunda 2026-njy ýylyň dekabrynda Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetleriniň mejlisini ýokary derejede guramak meselesine aýratyn üns berildi.
