Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi M.Seýitmämmedow Lusail uniwersitetiniň prezidenti Nitham Mohammed Hindi bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşyga Lusail uniwersitetiniň okuw işleri boýunça wise-prezidenti Hanym Fatma Mansour Al Maslah we uniwersitetiň Söwda we dolandyryş fakultetiniň dekany Adam Muhammed Aly Fadlalla hem gatnaşdylar.
Ilçi Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasy barada hem-de ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň ähmiýetli çäreleri we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara ylmy maslahatlar bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem, bu ýerde Lusail uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmeginiň we hyzmatdaşlyk etmegiň ýollary maslahatlaşyldy.