Olimpiýa şäherçesinde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň kubogy ugrunda ýaryş geçirildi

MilliInfo

18 Awgust, 2025

Düýn — ýekşenbe güni merjen paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde çagalaryň we ýetginjek türgenleriň arasynda taekwondo boýunça Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň kubogy ugrunda guralan ýaryş tamamlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Oňa paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň ähli sebitlerinden türgenleriň 170-den gowragy gatnaşdy.

Bu ýaryş ýurdumyzda 2010-njy ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýär. Indi 13-nji gezek geçirilen ýaryş ýyllaryň dowamynda çagalary taekwondo sportuna höweslendirmekde uly ähmiýete eýedir. Şu gezek hem käbir türgenleriň ýaryşlara ilkinji gezek gatnaşýandygyna garamazdan, olaryň ukyplary guramaçylary haýran galdyrdy.

Ýeri gelende aýtsak, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda taekwondo sportuny ösdürmek, wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň iýun aýynda bolsa Koreýa Respublikasynyň Kukkiwon taekwondo federasiýasynyň ýolbaşçysy Çon Kapkiniň ýurdumyzda saparda bolup, Gahryman Arkadagymyza taekwondonyň 9-njy danyny gowşurmagy möhüm wakalaryň biri boldy. Geçen ýylyň sentýabr aýynda bolsa dostlukly döwletiň ýurdumyzdaky ilçihanasy tarapyndan türkmen türgenlerine sport lybaslary we enjamlary sowgat berildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşlaryň ýarym müňden gowragy taekwondo bilen meşgullanýar. Şu gezekki ýaryşa dürli ýaş we agram derejelerinde olaryň iň zehinlileri gatnaşdylar. Ýaryşda Mary welaýatyndan gelen wekiller medallaryň agramly bölegine mynasyp bolup, taýýarlygynyň güýçlüdigini subut etdiler. Paýtagtly türgenler hem medallaryň birnäçesini eýelediler.

Koreýa Respublikasynyň ilçisiniň kubogy ugrundaky ýaryş, sözüň doly manysynda, sport baýramçylygyna öwrüldi. Iki günläp dowam eden ýaryşda medeni çäreleriň hem uly topary geçirildi. Şol bir wagtyň özünde ol tälimçilerdir türgenler üçin tejribäniň nobatdaky mekdebi boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo