Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden karary bilen, Ahal, Daşoguz welaýatlarynda döredilen täze ilatly ýerlere şäherçe, oba derejesi berildi we olara atlar dakyldy.
Ahal welaýatynda
Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde döredilen täze ilatly ýere oba derejesini bermeli we oňa «Döwletli mekan» adyny dakmaly hem-de mundan beýläk ony «Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň Döwletli mekan obasy» diýip atlandyrmaly;
Öňaldy geňeşliginiň edara ediş merkezini Döwletli mekan obasyna geçirmeli;
Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çäginde döredilen täze ilatly ýere oba derejesini bermeli we oňa «Bagtly zamana» adyny dakmaly hem-de mundan beýläk ony «Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň Bagtly zamana obasy» diýip atlandyrmaly;
Gowşut geňeşliginiň edara ediş merkezini Bagtly zamana obasyna geçirmeli.
Daşoguz welaýatynda
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde döredilen täze ilatly ýere şäherçe derejesini bermeli we oňa «Bitaraplyk» adyny dakmaly hem-de mundan beýläk ony «Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesi» diýip atlandyrmaly.
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşligini ýatyrmaly we onuň Täze ýol, Çilter, Gamyşlyoý, Garaşsyzlyk, Gazakýer obalaryny Bitaraplyk şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermeli.
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň Geňeş agzalarynyň ygtyýarlyklaryny olaryň saýlanan wagtynda kanunlarda bellenen möhletiň dowamynda saklap galmaly.