«Oguz han» köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada «TDH» habar berýär.
Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy halkymyzyň ýokary ruhubelentliginde uly dabaralara beslenilip, guwandyryjy zähmet üstünlikleri bilen garşylanylýar. Halkara gatnaşyklarda hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, dünýä döwletleri we halklary bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ileri tutýan döwlet hökmünde tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwaty we maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli harby özgertmeleriň netijesinde, Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli özgerdilip, olaryň netijeli gulluk etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öz halkyna we Watanyna ak ýürekden gulluk etmegi, mukaddes borja wepalylygy, Watany goramak baradaky pähimleri raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň harby-watançylyk duýgularyny ýokarlandyrmakda, olary ruhubelent, ösen we sagdyn dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmekde görelde mekdebidir.
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, ýurdumyzyň goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmakda, Watanymyzyň hem-de onuň raýatlarynyň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan taryhy başlangyçlary bilen Ýer ýüzünde durnuklylygy hem-de parahatçylygy pugtalandyrmakda we döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrmakda bitiren uly hyzmatlaryny, harby gullukçylary Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde goşan uly şahsy goşandyny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşurylýar.
Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medaly gowşuryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimizi döwlet sylagy hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň gowşurylmagy bilen, şeýle hem şanly baýramçylygymyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýubileý medalynyň berilmegini halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Dabaranyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hemmeleri ýene-de bir gezek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
