«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

MilliInfo

8 Sentýabr, 2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu aýdymçy ýaşlary «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy Aýna Begenjowna Baýramgeldiýewa;

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gurbangözel Gurbanmyradowna Gurbanmyradowa;

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Alp-Arslan Ýusupowiç Ýusupow;

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap geňeşiniň sürüjisi Ýunus Aşyrdurdyýewiç Aşyrdurdyýew;

Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Köneürgenç etrap medeniýet merkeziniň tans artisti Yhlas Durdygylyjowiç Atekaýew;

Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Saýat etrap medeniýet bölüminiň Esgi geňeşligindäki Gyzylgaýa oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Resul Guwanjowiç Guwanjow;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Remezan Bäşimmuhammedowiç Işankulyýew.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo