BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy türkmen telekeçileri bilen duşuşdy

MilliInfo

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde Mary welaýatynyň telekeçileri bilen duşuşdy.

Dmitriý Şlapaçenko hem-de «Täze Aý» (azyk senagaty) we «Gerçek» (hususy pudagyň aýakgap öndüriji wekili) kärhanalarynyň wekilleri durnukly işewürlik tejribelerini ösdürmegiň, innowasiýalary höweslendirmegiň we ýerli ykdysady ösüşi goldamagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem hususy pudagyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki goşandy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ýerli işewürligiň inklýuziw we ekologiýa taýdan ugrukdyrylan ösüşi öňe sürmekdäki ornuna aýratyn ähmiýet berildi. Kärhanalaryň işgärleriniň abadançylygyna ünsüň ileri tutulmagy we jemgyýetçilik jogapkärçiliginiň derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

Dmitriý Şlapaçenko BMG bilen Türkmenistanyň hususy pudagynyň arasyndaky dowam edýän hyzmatdaşlygyň täzelikleri höweslendirmekdäki, iş orunlaryny döretmekdäki we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň çäginde Gün tertibiniň durnukly ösüşi öňe sürmekdäki ähmiýetini belledi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo