Ýakynda ýurdumyza jemagat hojalygynyň düzümlerine niýetlenen köp sanly täze tehnikalar gelip gowuşdy. Ajaýyp waka mynasybetli Aşgabatda hem-de Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlikleriniň Jemagat hojalygy birleşiklerinde geçirilen dabaralarda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzyň jemagat hojalygy pudagyna niýetlenip satyn alnan täze, ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, tehnikalaryň we enjamlaryň täze ýylyň ilkinji günlerinde pudagyň işgärleri üçin ajaýyp sowgada öwrülendigini nygtadylar.
Dabaralaryň dowamynda ýurdumyza gelip gowşan döwrebap tehnikalaryň aýratynlyklaryna üns çekilip, häzirki zaman ulaglary, tehnikalary we enjamlar bilen içgin tanşyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde jemagat hojalygynyň düzümleri üçin ýurdumyza getirilen täze, döwrebap tehnikalaryň hatarynda zeý suwuny sorujy we ýokary basyşda lagym ulgamlaryny arassalaýjy awtoulaglar, süpüriji-ýuwujy, gapdalyndan zir-zibil ýükleýän, konteýnerli zir-zibil daşaýan, ýol germew we barýer ýuwýan ýöriteleşdirilen awtoulaglar, ýol ýuwujy-süpüriji kiçi maşynlar, agaç owradyjy, şeýle-de 25 tonnalyk ýük göterijiler, suw daşaýjy, ýol ýuwujy, gidrogaldyryjylar, göteriji enjamly kiçi ýol ýuwujy awtoulaglar, hereketdäki ussahana awtoulaglary, ýörite agyr awtoulaglar tirkewi, ýükleýji ekskawator, öňtaraplaýyn uly ýükleýjiler, tekerli ekskawatorlar, zir-zibil daşaýjy ulag üçin açyk görnüşli konteýnerler, baglary göçürmek üçin enjamlar, aýratyn dakylýan enjamlar bar. Şeýle hem pudagyň işgärleri üçin 24 adamlyk awtobuslar satyn alyndy.
Täze tehnikalar halkymyzyň milli däp-dessurlaryna laýyklykda, ak un sepilip kabul edildi hem-de önümçilikde, hyzmat ediş işlerinde howpsuz we uzak wagtlap ulanylmagy arzuwlanyp, olara alajalar daňyldy. Il sylagly ýaşulular doga-dileg edip, olaryň işine ak ýol arzuw etdiler.
Soňra jemagat hojalygy pudagynyň ýöriteleşdirilen awtoulaglary ýollarda hereket edip başladylar. Şeýle döwrebap tehnikalaryň satyn alynmagy ýerine ýetirilýän işleriň hiliniň we medeniýetiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär. Türkmenistanda işletmek üçin daşary ýurtlardan satyn alynýan tehnikalar ýurdumyzyň toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp, ýörite gurnalýar. Satyn alynýan tehnikalara bildirilýän şeýle talap olaryň uzak wagtlap, ýokary hilli hyzmat etmegini gazanmakdan ybaratdyr.
Täze tehnikalara erk etmek pudakda köp ýyllardan bäri üstünlikli zähmet çekýän işgärlere ynanyldy.
Pudagyň işgärleri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jemagat hojalygy pudagyna berýän yzygiderli goldawlaryndan ruhlanyp, öndürijilikli zähmet çekmek arkaly şanly senäni dabaralandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.