Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna ýollan hatynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewadan ýollan gutlaglary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär.
— Öz tarapymdan, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde türkmen dostlarymyz bilen ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy nygtamak isleýärin. Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, biz köp babatda Siziň şahsy tagallalaryňyz netijesinde emele gelen uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagy maksat edinýäris — diýlip, Walentina Matwiýenkonyň hatynda bellenilýär.
Şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Türkmenistanyň halkara giňişlikde gazanýan uly üstünliklerine ýokary baha berýändigini tassyklaýar.
