Azerbaýjanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyza Gutlag hatyny ýollady

MilliInfo
Azerbaýjanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyza Gutlag hatyny ýollady

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada «TDH» habar berýär.

Ol Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky yzygiderli pugtalandyrylýan doganlyk gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesiniň iki halkyň hoşniýetli goňşuçylygynyň, taryhy baglanyşygynyň, umumy medeni-ruhy gymmatlyklarynyň we özara hormatynyň aýdyň güwäsidigini belleýär.

«Döwletara gatnaşyklarymyzy ösdürmäge we hyzmatdaşlygymyzy giňeltmäge gönükdirilen tagallalaryňyza ýokary baha berýärin. Iýun aýynda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparyňyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Däp bolan dostlukly azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmek we strategik hyzmatdaşlygymyzy has-da pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki işimizi mundan beýläk-de dowam etjekdigimize ynanýaryn» — diýip, azerbaýjan lideri Türkmenistanyň Prezidentine ýollan Gutlagynda belleýär.

Ilham Aliýew türkmen kärdeşine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk Türkmenistanyň halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info