Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Bu barada «TDH» habar berýär.
Gutlagda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda doganlyk Türkmenistanyň döretmegiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gidip, döwlet binýatlaryny pugtalandyrmakda we durmuş-ykdysady ulgamy döwrebaplaşdyrmakda uly üstünlikleri gazanýandygy, halkara giňişlikdäki abraýyny pugtalandyrýandygy aýdylýar.
«Siziň döwlet Baştutany wezipesinde alyp barýan netijeli işiňiziň we oňyn Bitaraplyk strategiýasynyň ýurduňyzy durnukly ösdürmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge mundan beýläk-de ýardam etjekdigine berk ynanýaryn» — diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belleýär.
Ol köpugurly döwletara gatnaşyklarymyzy täze derejelere çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berýändigini tassyklaýar.
