Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

MilliInfo

22 Sentýabr, 2025

Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady.

— Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly mertebedir.

Siz ýakynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hem-de Ikinji  jahan urşunda hytaý halkynyň gazanan ýeňşiniň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaýa sapary amala aşyrdyňyz. Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda biz dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdyk hem-de ylalaşyklary gazandyk. Bu bolsa ýurtlarymyzyň arasynda däp bolan dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ugurlaryny kesgitledi. Men hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýärin hem-de biziň halklarymyzyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň «Bitewi ykbal bileleşigini» gurmagy ilerletmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk, abadançylyk arzuw edýärin — diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy gutlag hatynda belleýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info