Paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi

MilliInfo

27 Sentýabr, 2025

26-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda medeniýet we sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan konserti geçirildi.

Konsertiň maksatnamasy türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan ösüşleri şöhlelendirýän köpöwüşginli we ilkinji gezek ýerine ýetirilýän çykyşlar bilen tapawutlandy. Medeniýet, sungat ussatlary durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny aýdym-sazly eserleriniň üsti bilen beýan etdiler.

...Mejlisler merkezinde baýramçylyk ruhunda bezelen sahnada emele gelen ýokary ruhubelentlik ýagdaýy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününi täze zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan türkmenistanlylaryň buýsanç duýgularyny beýan edýär. Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda hemme baýramçylyklar we dabaraly çäreler sungat ussatlarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýär.

Watançylyk mazmunly, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerine bagyşlanan aýdymlar baýramçylyk çykyşlarynyň başyny başlap, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini şöhratlandyrdy. Esasy mazmunynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygaryny-da özünde jemleýän bu konsert türkmen sungatynyň mümkinçiliklerini beýan edýän özboluşly žanrdaky eserler bilen has-da ýatda galyjy boldy.

Häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy konsertiň özboluşly mazmunyny ýüze çykardy. Sazandalaryň, meşhur halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň ajaýyp çykyşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ýeten sepgitlerini aýdyň şöhlelendirdi.

Ýerine ýetirilen çykyşlarda halkymyzyň bir supranyň başynda toý tutuşy giňden beýan edilip, agzybirligimiziň waspy ýetirildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo