Ýurt garşy alsyn: Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýaşaýyş jaýlary açyldy

MilliInfo

1 sagat öň

25-nji maýda ýurdumyzda giňden bellenilen Aşgabat şäheriniň güni paýtagtymyzda durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna beslendi. Berkararlyk we Bagtyýarlyk etraplarynda ulanmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaýlary Watanymyzyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli köp gatly we kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy paýtagtymyzy toplumlaýyn ösdürmek boýunça maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Şanly senä aýratyn öwüşgin çaýan dabaralara il sylagly ýaşulular, eneler, Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, halk köpçüligi, talyplar gatnaşdylar.

Berkararlyk etrabynyň 8-nji kiçi etrapçasynda 5 gatly, 60 öýli we 5 gatly, 80 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy medeniýet we sungat ussatlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Bu ýerde türkmeniň jaý toýuna mahsus milli däp-dessurlar ýerine ýetirildi. Çagalaryň milli oýunlary oýnaýan pursatlary gadymdan gelýän mirasyň häzirki döwürde aýawly saklanylyp, dowamata atarylýandygynyň beýany boldy.

Dabarada çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna, eziz Diýarymyzyň ýüregi bolan Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygyna beslenýän şu ýylyň şygarynyň gözelligiň, okgunly ösüşiň nyşany hasaplanýan behişdi bedewler bilen baglanyşdyrylmagy bagtyýar halkymyzy täze zähmet üstünliklerine, Watanymyzyň ösüşine, abraý-mertebesiniň beýgelmegine goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, çagalaryň oýun meýdançasy, medeni-köpçülik çärelerini, dabaralary geçirmek üçin desgalar, beýleki tehniki desgalar bar. Jaýlaryň töwereginde güller, gök otlar ekilipdir, köçeler yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edilipdir.

***

Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda 2 gatly, 5 otagly 78 sany kottej görnüşli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy Aşgabat şäheriniň gününiň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Ol medeniýet we sungat ussatlarynyň, çagalar tans toparynyň joşgunly çykyşlary bilen utgaşdy. Açylyş dabarasynyň bäbek toýy we beýleki milli baýramçylyk däp-dessurlary bilen utgaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Uçurylan dürli öwüşgindäki howa şarlary paýtagtymyzyň asmanyna bezeg berdi.

Täze jaýlarda maşgalalaryň bagtyýar ýaşamagy, dynç almagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Kottej jaýlarynyň töwereginde ekilen dürli baglar we güller bu künjege aýratyn gözellik çaýýar. Jaýlaryň howlusynda bassyrma gurnalyp, kömekçi desgalar göz öňünde tutulypdyr. Döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan başga, bu ýerde ýol-ulag, inženerçilik ulgamlarynyň desgalarynyň gurluşyk işleri-de ýokary derejede ýerine ýetirilipdir. Täze gurlan iki sany söwda we hyzmatlar öýünde ilatyň gündelik sarp edýän harytlarynyň dürli görnüşleri hödürlenilýär.

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli açylyş dabaralarynyň dowamynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info