7-nji martda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçiriler.
Şol agşam sahnada türkmen estradasynyň ýyldyzlary — Leýli Mämmedowa we Döwran Şammyýew çykyş eder. Tomaşaçylara mähre, ýylylyga we bahar ruhuna beslenen ajaýyp maksatnama garaşýar. Konsertde köpleriň söýüp diňleýän aýdymlary bilen birlikde, ähli zenanlar üçin ajaýyp sowgada öwrüljek täze liriki eserler hem belentden ýaňlanar.
Başlanýan wagty: 17:00
Habarlaşmak üçin telefon belgileri afişada görkezilendir.