Ýaş zehinleriň baýramy: «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry guraldy

MilliInfo

4 sagat öň

Ýaş zehinleriň baýramy: «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry guraldy

Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi.

Bäsleşige gatnaşyjylar, ilki bilen, Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy. Çagalar, döredijilik bäsleşiginiň jemleýji konsertine ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Konsert bäsleşige gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly aýdym-sazly waspnama bilen başlandy. Ilkinji gezek uly sahnada çykyş etmek çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursat bolup, olaryň ruhy taýdan ösmegine oňaýly täsir edýär hem-de sungat dünýäsine aralaşmagyna ýardam berýär. Milli aýdym-sazlar çagalarda Watany söýmek, halkymyzyň medeni mirasyna hormat-sarpa goýmak, oňa buýsanmak ýaly duýgulary terbiýeleýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar bu ajaýyp sahnada çykyş etmäge we arzyly arzuwlaryna tarap gadam urmaga mümkinçilik aldylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň festiwaly synaglar we başlangyçlar, täze gözlegler üçin ajaýyp meýdança bolup, çagalary öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge ruhlandyrýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna geljekde milli sungatymyzyň şöhratyny belende göterjek geljekki sahna ussatlary, tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Konsert türkmen halkynyň ruhy ýörelgelerini wasp edýän joşgunly çykyşlar bilen dowam etdi. Olaryň köpöwüşginliligi ýokary baýramçylyk ruhuny emele getirdi. Owadan bezelen sahnada iň gowy çykyşlaryň onlarçasy — aýdym-sazly çykyşlar, halk döredijilik eserleri, häzirki zaman mukamlary ýerine ýetirildi. Her bir çykyş özboluşly dabara öwrülip, döredijilik aýratynlygy bilen tapawutlandy. Ýaşajyk zehinleriň uly joşgun, ylham bilen ýerine ýetiren aýdymdyr tanslary tomaşaçylaryň hiç birini biparh goýmady.

Emin agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň iň zehinlilerini saýlap aldylar. Tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalarynyň astynda çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Olara diplomlar hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular. Uly sahnada çykyş etmek we ýeňiji bolmak çagalary geljekki döredijilik bäsleşiklerinde üstünliklere, arzyly maksatlaryna ýetmäge ruhlandyrýar.

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy baradaky ýadawsyz aladasy üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info