19-22-nji awgust aralygynda geçiriljek bu uly baýramçylykda, «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti çagalara we mähriban ene-atalara «Hoshal Kids» diwarlygynda sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
Serginiň dowamynda çagalaryň söýgüli içgilerine öwrülen «Hoshal Kids» we «Pökgi» çaga soklary, şeýle hem köp sanly şadyýan çäreler, oýunlar siziň göwnüňizi göterer!
Aýratyn bellemeli zat, 19-njy, 20-nji we 21-nji awgustda, sagat 13:00-dan 15:00-a çenli şadyýan animatorlaryň gatnaşmagynda hakyky baýramçylyk dabarasy bolar. Çagalar üçin gyzykly oýunlar, şowhunly pursatlar gurnalyp ýörite sowgatlar hem taýýarlandy!
Serginiň dowamynda 38-nji belgili diwarlygyna gelip «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň önümleri bilen ýakyndan tanyşyň we wagtyňyzy hoş geçiriň! Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýar.
«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti — siziň ähliňize garaşýar!
