Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer ýüki iberiler

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasy esasynda, Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna, ilkinji nobatda, ýurduň çagalaryna dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň nyşany hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, beýleki önümlerden ybarat ynsanperwerlik ýüküni ibermek bellenildi.

Bu ynsanperwer ädim türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alýar, şeýle hem Oraza aýy we mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli amala aşyrylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info