Türkmen telekeçileri Germaniýa bilen işewürlik hyzmatdaşlyk mak­sat­na­ma­sy­nyň 2026-njy ýyldaky tapgyryna çagyrylýar

MilliInfo

Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Yk­dy­sa­dy­ýet we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak fe­de­ral mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de «Part­ne­ring in Bu­si­ness with Ger­ma­ny» (Ger­ma­ni­ýa bi­len işe­würlik hyz­mat­daş­ly­gy)» mak­sat­na­ma­sy­nyň 2026-njy ýyldaky tap­gy­ry­nyň çäk­le­rin­de «Umu­my yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk» Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ze­nan­la­ry to­pa­ry­na gat­naş­jak döw­le­te da­hyl­syz ta­rap­la­ryň ara­syn­dan da­laş­gär se­çip al­mak üçin söhbetdeşlik yg­lan ed­ýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildirişde aýdylýar.

Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýänler 24-nji marta çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Türkmen hem-de german telekeçileriniň arasynda oba hojalygy we azyk senagaty ulgamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalary taýýarlan dalaşgärlere wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we 2026-njy ýylyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda 3 hepde tejribelik geçmek mümkinçiligi döredilýär.

Dalaşgärler iň­lis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:

— ýokary bilimli bolmaly;

— telekeçi ýuridik şahslaryň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de welaýatlar);

— dalaşgäriň azyndan 5 ýyl, şol sanda ýolbaşçylyk wezipesinde azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmaly.

Goşmaça maglumatlary we doldurylmaly zerur resminamalaryň sanawyny www.fineconomic.gov.tm saýtynda görmek bolar.

Habarlaşmak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: (99312) 39-43-51, 39-44-19.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info