Düýn — 24-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň rowaçlyklara beslenýän daşary syýasat strategiýasy netijesinde 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara çäreleri ýokary derejede guramak bilen bagly meseleler bilen gyzyklandy we halkara çäreleriň guramaçylyk derejesine degişli taslamalar bilen tanyşdy.
Hormatly Arkadagymyz täze ýylda Hazaryň kenarynda meýilleşdirilen halkara çäreleriň geçiriljek ýerine geldi. Tutuş adamzat üçin taryhy ähmiýeti bolan meseleleri öz içine alýan halkara çäreleriň geçiriljek toplumynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, onuň girelgesiniň döwrebaplygy bilen tanşyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz binanyň içine girip, onuň enjamlaşdyrylyş derejesi, meýilleşdirilen halkara çäreleriň geçiriljek ýerleri bilen tanyşdy hem-de ýokary derejeli myhmanlaryň kabul ediljek ýerinde döredilýän şertleriň ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelmelidigini belledi.
Milli Liderimiz toplumyň giň möçberli maslahatlaryň geçiriljek ýerine geldi. Bu ýerde meýilleşdirilen halkara maslahatlaryň we forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir. Soňra Gahryman Arkadagymyza toplumda alnyp barylýan döwrebaplaşdyryş we bezeg işlerine degişli taslamalar, ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşleri görkezildi.
Mälim bolşy ýaly, halkara çärelere görülýän taýýarlyk işleriniň ählisi hormatly Prezidentimiziň yzygiderli gözegçiliginde saklanylýar diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu işlere dahylly düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak halkara forumyň çäklerinde toplumyň çägindäki halkara derejeli sergileriň geçiriljek künjeginde alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri meýilleşdirilen işleri ýokary derejede alyp barmakda hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Gahryman Arkadagymyz dikuçarda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ýokarsyndan öwrüm edip, bu ýerde alnyp barylýan işler, Hazaryň kenarynyň tebigy aýratynlyklaryny we öz çägini giňeldýän syýahatçylyk zolagynyň täze binalary, ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri uçuşy tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza tarap ugrady. Biraz wagtdan Milli Liderimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.