2-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ekologiýa ýagdaýy we şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi babatda ýokary halkara güwänamalaryna mynasyp bolan Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz säher bilen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň esasy binalarynyň gurluşyklarynyň dowam edýän ýerine geldi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bilen bilelikde ýörite ulagda täze şäheriň metjidiniň çäkleri boýunça alnyp barylýan işleri synlady. Ýolugra bu ýerde alnyp barylýan işler, metjidiň girelgeleriniň we minaralarynyň binagärlik aýratynlyklary, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeler we olaryň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berildi.
Gahryman Arkadagymyz asyrlar aşyp gelýän haýyrly işleriň künjegi hasaplanylýan metjidiň gurluşygyna, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, aýratyn-da, metjidiň çäkleriniň arassaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli we inçelik bilen çemeleşilmelidigini aýtdy. Munuň özi bu ýerde alnyp barylýan işleriň Allanyň öýi hasaplanylýan kaşaň binanyň derejesine we ähmiýetine laýyk gelmegini üpjün eder.
Gahryman Arkadagymyz metjidiň girelgeleriniň biriniň ýanynda saklanyp, bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň derejesine we girelgäniň bezeg aýratynlyklaryna birnäçe belliklerini aýtdy. Bu ýerde adamlaryň amatly gelip-gitmekleri, girelgäniň, derwezesiniň abadanlaşdyrylyşy degişli binanyň ähmiýetine kybap gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde, metjidiň minaralarynyň gurluşyk aýratynlyklary we onuň daşynyň bezeg işleri, hem-de gümmezleriniň reňk sazlaşygy babatda ýurdumyzyň din wekilleri bilen maslahatlaşyp, olaryň pikirleriniň diňlenilmegi wajypdyr.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze metjidiň esasy girelgesiniň ýanynda saklandy. Metjidiň esasy girelgesiniň gurluşygyna bolşy ýaly, onuň abadanlaşdyrylyşyna we bezeg işlerine inçelik bilen çemeleşilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň uzak geljegi nazarlamalydygyny, olaryň geljek nesiller üçin nusgalyk mekdebe öwrülmelidigini belledi we bu babatda özüniň birnäçe maslahatlaryny berdi.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz metjidiň çäginde gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan Muzeýiň daşky bezeg işleri bilen tanyşdy. Milli Liderimiz muzeýiň daşky bezeg işlerinde ýerleşdirilen özboluşly şekilleri synlap, bu babatda täze şäheriň ýolbaşçylary bilen özüniň pikirlerini paýlaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki wagtda muzeý binasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny aýtdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işler barada maglumat berýän şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi.
Bu işlerde her bir gurulýan desganyň binýadynyň berkden tutulmalydygyny, gurluşygyna iňňän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini, iň esasy hil babatda-da, dünýä ülňülerine laýyklykda-da ýokary görkezijilere kybap gelmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz, aýratyn-da, täze şäheriň birinji tapgyrynda bolşy ýaly, ikinji tapgyrynda hem sanlylaşdyrmak meselesine aýratyn ünsi çekdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda D.Orazow ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde, Arkadag şäheriniň wekiliýetiniň Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasy (UN-Habitat) bilen bilelikde geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi. .
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işleri, olaryň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde edilýän işler barada maglumat berdi.
Soňra iş maslahatynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda 7368 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilendigi, ikinji tapgyrda bolsa 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň, şol bir wagtyň özünde beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşyklarynyň meýilleşdirilendigi barada giňişleýin maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaýlary häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylýar, olarda amatly ýaşamak, göwnejaý dynç almak üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy we abadanlaşdyrylyşy şäher ilatynyň isleglerine doly gabat gelýär. Şeýle hem Arkadag şäheriniň açylan pursatyndan bäri, sanly ýyllaryň içinde bu ýerde bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýlara göçüp geldiler. Müňlerçe iş orunlary döredildi.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi bu ýerde ýurdumyzda giňden belleniljek şanly seneleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi, Türkmen halysynyň baýramyny dabaralandyrmaga görülýän taýýarlyk hem-de şanly seneleriň guramaçylykly geçirilmegini baş maksat edinýän baýramçylyk meýilnamalary barada maglumat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ähli meýilleşdirilen işleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde we baýramçylyk çärelerini dabaralandyrmakda hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.