Türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek at çapyşyklaryna taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy

MilliInfo

25 Sentýabr, 2025

24-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabat atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

...Häzirki wagtda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy. Milli Liderimiz bu ýerde amala aşyrylan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olaryň baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmekde, at çapyşyklarynyň ýokary derejesini üpjün etmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi.

Atçylyk sport toplumynyň tutuş çägi häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologik derejä laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýlelikde, ol halkara görkezijilere gabat gelýän ýokary netijeli atçylyk sport toplumyna öwrüldi.

Milli Liderimiz bu ýerde bedewlerdir çapyksuwarlar üçin bolşy ýaly, dabaralara gatnaşjak köp sanly myhmanlar, janköýerler üçin hem ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şunda baýramçylyk çapyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy at çapyşyklary mynasybetli guraljak dabaralaryň medeni maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn esasda taýýarlanylmalydygyny aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz toplumyň ýörite meýdançasynda Hanbeg atly bedewe atlanyp, aýlawyň çäginde gezim etdi, şeýle-de toplumyň çapuw ýodasynyň, oňa düşelen çägäniň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Çapuw ýodasynyň üpjünçiligi häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidir. Onda at çapyşyklaryny guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur mümkinçilikler döredilmelidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň seýisleriniň we atşynaslarynyň bir ýerde jemlenip, toplumyň çapuw ýodasynyň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklarynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekip, baýramçylyk mynasybetli işlenip taýýarlanan maksatnamany ýokary derejede amala aşyrmakda hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugrady.

Häzirki döwürde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän toplumda döwrebaplaşdyrmak işleri batly depginde dowam edýär. Gahryman Arkadagymyz toplumdaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bu ýerde bedewler, atbakarlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde behişdi bedewleriň şöhratly taryhynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilmegine mynasyp goşant goşýan atşynaslaryň zähmeti höweslendirilmelidir.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo