Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy

MilliInfo

22 Oktýabr, 2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine gelip, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän döwrebap desgalaryň şekil taslamalary hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, täze şäherde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýerine bardy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen we ýurdumyzyň ekologik derejesiniň has-da sagdynlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan ählihalk bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşygyň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Alym Arkadagymyz ilkinji gezek Arkadag şäherinde ekilmegi teklip edilýän türkmen arçasynyň ählihalk bag ekmek dabarasynda oturdylmagyny makullap, bag nahallary ekilenden soňra, olara agrotehniki kadalara laýyk gelýän ideg işleriniň yzygiderli ýola goýulmagy babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny we degerli maslahatlaryny berdi.

Soňra lukman Arkadagymyz täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklaryny synlady. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde önümçilikleriň ýerli ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyna täsirini ýetirmezden alnyp barylmalydygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.

Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri ikinji tapgyryň gurluşygynyň batly depginde alnyp barylýan ýerine gelip, bu ýerde şekil taslamalary bilen tanyşdy. Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň we awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş hem-de hasaba alyş gullugynyň binalarynyň, Arkadag şäherinde gurulýan muzeýiň içki bezeg işleriniň, onuň sergi bölümleriniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň muzeýiniň içki bezeg işlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Muzeýiň enjamlaşdyrylyşy, onda ýola goýuljak hyzmatlar bu ýere gelýänlerde oňyn täsirleri galdyrmalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça durmuş maksatly, ýol-ulag düzümine degişli desgalarda we beýleki ugurlarda ulanylýan, halkara derejede ykrar edilen reňkleriň görnüşleri, olary ulanmagyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkara derejede ykrar edilen reňkleri synlap, olaryň degişli ugurlarda ulanylmagy teklip edilýän görnüşlerini seljermegiň ähmiýetlidigini belledi. Soňra reňkleriň saýlanyp alnan görnüşleri hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlener. Olaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan tassyklanmagy bilen, her ugra mahsus görnüşleri işjeň ulanylar.

Gahryman Arkadagymyz ýaňy-ýakynda Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna badalga bermek üçin Owganystanda saparda bolan mahalynda owgan doganlarymyzyň — ýertitreme zerarly jaýsyz galan raýatlaryň hemaýata mätäçligi sebäpli haýyş bilen ýüzlenendiklerini belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa bu babatda teklipleriň taýýarlanylmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürläp, bu meselede Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen maslahatlaşyp, «Kyýamat güni goňşudan» diýlişi ýaly, owgan halkyna dostluk goluny uzatsak, hemaýatlarymyzy bersek maksadalaýyk bolar diýdi.

Ählihalk bag ekmek dabarasy ýaly sogap işiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, oňa uludan-kiçä ähli ilatyň işjeň gatnaşmagy dabaranyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer. Şol bir wagtyň özünde, bu künjegiň howa gurşawynyň ýakymly bolmagynda, ekologik ýagdaýynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.

Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda bina edilýän desgalaryň we olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, şäheriň ähli çäkleriniň, ýollarynyň yşyklandyryş ulgamynyň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmegi babatda degerli maslahatlaryny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny tamamlap, hemmelere kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo