Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy

MilliInfo

Düýn — 13-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherine iş saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy T.Narbaýewa bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilýän Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna we onuň çäklerinde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogyna gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin hoşallygyny bildirip, bu dialogyň we forumyň  üstünlikli geçmegi barada iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

Taraplar döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda netijeli häsiýete eýe bolýandygyny, köpasyrlyk türkmen-özbek gatnaşyklarynyň baý tejribesiniň esasynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara hyzmatdaşlykda uly ösüşleriň gazanylandygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigi bellenildi. Bu hyzmatdaşlygyň bolsa halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga ýardam berýändigi nygtaldy. 

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ulag, üstaşyr geçiriş, serhetýaka hyzmatdaşlyk we sanly tehnologiýalar ulgamynda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar geljekde kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň, halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamagyň,  ýaş parlamentarileriň we zenan parlamentarileriň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler. 

Türkmen tarapy saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy T.Narbaýewany şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek durnukly ösüşi üpjün etmekde oňyn tejribeleri paýlaşmaga we öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen halkara we parlamentara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info