Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky (GDA) başlyklygy — ýurduň bitaraplyga, hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormat goýmaga we Arkalaşyga agza döwletleriň ählisi bilen deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanýan yzygiderli syýasatynyň möhüm tapgyrydyr.
Bu barada 2026-njy ýyldaky ilkinji mejlisiň — GDA-nyň düzgünnamalaýyn we beýleki organlarynyň ýanyndaky Hemişelik ygtyýarly wekilleriň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, GDA-nyň düzgünnamalaýyn we beýleki organlarynyň ýanyndaky hemişelik ygtyýarly wekili Nazarguly Şagulyýew mälim etdi. Ol Türkmenistanyň başlyklyk etmek estafetasyny kabul edip alandygyny hem-de 2026-njy ýyl üçin ony amala aşyrmagyň konsepsiýasyny we meýilnamasyny hödürländigini belledi.
Şagulyýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň GDA-daky başlyklygy Döwlet Baştutanlarynyň geňeşi, Hökümet baştutanlarynyň geňeşi, GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşi, Ykdysady geňeş we GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça komissiýa ýaly organlary öz içine alar.
Ol GDA-nyň umumy taryhy, dili, bähbitleri we ykdysadyýeti bolan döwletler üçin möhüm hem-de ähmiýetli meýdançadygyny, başlyklyk etmegiň meýilnamasyna laýyklykda bolsa, köpsanly çäreleriň hem Türkmenistanda, hemem GDA agza ýurtlaryň meýdançalarynda geçiriljekdigini belledi.
Mejlisiň esasy temasy Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynyň tanyşdyrylyşy boldy.