Şu gün — 22-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wiktorowiç Wolodin bilen duşuşygy boldy.
Milli parlamentiň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodine Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini bellediler.
Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran iş saparynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejelere çykmagynda uly ähmiýete eýe bolandygy nygtaldy.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde toplanan oňyn tejribä hem-de iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly ornuň degişlidigi bellenildi.
Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklaryň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilmeginiň, şeýle hem milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, zenanlar, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek ýaly meselelerde tejribe alyşmagyň möhümdigini beýan etdiler.

