Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy «Winter Cup 2025» bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar

MilliInfo

4 Dekabr, 2025

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy isleg bildirýän toparlary 21-nji dekabrda geçiriljek «Winter Cup 2025» atly intellektual ýaryşa gatnaşmaga çagyrýar.

Toparlar 12 sowaldan ybarat bolan iki tapgyrda bäsleşerler. Şonuň netijeleri esasynda, iň gowy 2 topar finala çykar we şol ýerde ýaryşyň çempiony bolmak ugrunda bäsleşerler. Galan toparlar 3-nji ýer we şondan soňky orunlar ugrundaky göreşde soňky sowallar boýunça oýny dowam etdirerler. Finalda oýun 6 utuga çenli dowam eder.⠀

«Gyş kubogy 2025» bäsleşigi türkmen we rus dillerinde geçiriler. Ýaş çäklendirmeleri ýok.

Toparlaryň düzümi: 8 adama çenli (6 esasy + 2 ätiýaçdaky)

Gatnaşmak: tölegsiz

Ýaryşyň başlanýan wagty: 2025-nji ýylyň 21-nji dekabrynda 12.00-da (toparlary bellige almak 11:30-da başlanýar).

Geçiriljek ýeri: «Angar» resto-kluby.⠀

Salgysy: Arçabil şaýoly, 41 («ABM» biznes-merkezi)

Diňe bellige alnan toparlaryň gatnaşýandygyny ýatladýarys! Bellige aldyrmak üçin şu çeşmeden peýdalanyp bilersiňiz.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info