Türkmen kompaniýasynyň wekili «Russiýanyň Dawosyna» gatnaşdy

MilliInfo
Türkmen kompaniýasynyň wekili «Russiýanyň Dawosyna» gatnaşdy

Türkmenistanyň iri gurluşyk kompaniýalarynyň biri bolan «Ojar Aziýanyň» wekili «Росконгресс» gaznasynyň çakylygy we «Россотрудничества» federal agentliginiň ýardam bermegi bilen 3-6-njy iýun aralygynda Sankt-Peterburgda geçirilen XXIX Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşdy.

Forumyň çäginde kompaniýanyň wekili Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň, Özbegistan Respublikasynyň we Tanzaniýanyň Prezidentleriniň hem-de HHR-nyň Başlygynyň orunbasarynyň gatnaşmagyndaky umumy mejlise (plenar sessiýa) gatnaşdy. Işewürlik maksatnamasy Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Maglumat we metbugat departamentiniň direktory Mariýa Zaharowa bilen işewürlik naharyna gatnaşmagy hem öz içine aldy. Onuň dowamynda halkara gün tertibiniň, ykdysadyýetiň we işewürlik hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň çäginde Russiýanyň we daşary ýurtlaryň işewürlik toparlarynyň wekilleri, şol sanda «Wildberries», «Agalarov Development», «Hongqi Auto», Hytaýyň daşary ýurtlardaky kärhanalary ösdürmek birleşiginiň (CODA) ýolbaşçylary, şeýle hem media jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi we özara gatnaşyklar ýola goýuldy. Mundan başga-da, işewürlik toparlarynyň wekilleri we «Росконгресс» gaznasynyň hyzmatdaşlary bilen B2B görnüşli duşuşyklar geçirildi.

Işewürlik maksatnamasyndan daşary türkmen kompaniýasynyň wekili Sankt-Peterburgyň taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdy, Döwlet Ermitažyna we «Petergof» muzeý-goraghanasyna baryp gördi. Köplenç «Russiýanyň Dawosy» diýlip atlandyrylýan forum ykdysadyýet, maýa goýumlary we işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin iň iri halkara meýdançalarynyň biridir.

Bu forum her ýyl dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet ýolbaşçylaryny, halkara guramalaryň, işewürlik we bilermenler jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemleýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info