Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri 17-22-nji awgust aralygynda Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada sanly aragatnaşyk» (C4CA) sebitleýin taslamasynyň çäginde Finlýandiýanyň Helsinki şäherinde okuw saparynda bolýarlar.
Bu çäre sanly transformasiýa, aragatnaşyk tehnologiýalary we sanly infrastruktura babatda tejribe alyşmagy we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmegi maksat edinýär.
Taslama Laurea amaly ylymlar uniwersiteti we Finlýandiýanyň Döwlet dolandyryş instituty (HAUS) tarapyndan bilelikde amala aşyrylýar. Saparyň dowamynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýew taslamanyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan bölümlerini we bilim, ylmy-barlag ugurlarynda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşygyň möhüm netijesi hökmünde taslamanyň bir bölegini Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde amala aşyrmak barada ylalaşyk gazanyldy.
