Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň wekilleri «HUAWEI CONNECT 2026» halkara sergisinde

MilliInfo
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň wekilleri «HUAWEI CONNECT 2026» halkara sergisinde

Ýurdumyzyň «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynda bolup, Şanhaý şäherinde geçirilen «HUAWEI CONNECT 2026» halkara sergisine gatnaşdylar.

Halkara serginiň çäklerinde türkmen hünärmenleri emeli aň, bulut hasaplamalary, sanly ekizler, 3D modelirleme, akylly guýular hem-de önümçilik desgalaryna sanly gözegçilik ulgamlarynyň döwrebap mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri nebitgaz pudagynda sanly teknologiýalary ulanmagyň netijeli tejribeleri we täze innowasion çözgütleri barada çykyş etdiler.

Mundan başga-da, Hytaýyň «Huawei», «CNPC» we «Sinopec» ýaly iri kompaniýalarynyň hünärmenleri emeli aňyň, ýokary öndürijilikli hasaplaýyş ulgamlarynyň we bulut tehnologiýalarynyň önümçilik işjeňligini ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berdiler. Serginiň dowamynda maglumat hem-de kiberhowpsuzlyk, täze nesil kompýuter ulgamlary, döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalary we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň gelejegi boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info