Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Merkezi Aziýada iňlis dilini çaltlandyrylan usulda okatmak» (AELLCA) maksatnamasy boýunça okuwlar geçirildi.
Bu ýokary okuw mekdep Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň wekilleri — prorektoryň orunbasary Endrýu Linn we filosofiýa ylymlarynyň doktory Anastasiýa Bezborodowa bilen tejribe alyşmak üçin ajaýyp meýdança boldy. Okuw sapagynyň esasy maksady talyplaryň dil taýýarlygyny kämilleşdirmekden we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamyna döwrebap usullary ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Okuw maslahatynyň dowamynda britaniýaly hünärmenler iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde Merkezi Aziýanyň şertlerine uýgunlaşdyrylyp çaltlandyrylan usulda okatmagyň netijeli ýollaryny hödürlediler. Sapaklaryň maksatnamasyna döwrebap bilim ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we okatmagyň hilini ýokarlandyrmagyň usullaryny iş ýüzünde seljermek ýaly çäreler girizildi. Okuw bölegi bilen bir hatarda, wekiliýetiň TDU-nyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi, onda ylmy-bilim ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi barada söhbet edildi.
Magtymguly adyndaky TDU-dan başga-da, hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça şeýle okuwlar britaniýaly hünärmenleriň ýolbaşçylygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hem geçirildi. Bu ýokary okuw mekdep Westminster uniwersitetiniň sebitdäki esasy hyzmatdaşlarynyň biridir.