«Motorola» kompaniýasy özüniň täze «Brilliant Collection» atly enjamlar tapgyryny hödürledi. Bu tapgyra brendiň iň kämil smartfony bolan «Motorola Signature» we «Moto Buds 2 Plus» simsiz gulaklyklary girýär. Täze önümleriň esasy aýratynlygy, olaryň dizaýnynda Swarovski kristallarynyň hem-de «Pantone Violet Indigo» diýlip atlandyrylýan ýörite reňk öwüşgininiň ulanylmagydyr.
Öndürijiniň belleýşi ýaly, «Motorola Signature» smartfonynyň arka paneli ýüpek matasyny ýatladýan gurluşa eýe bolup, ol el bilen ýerleşdirilen 20 sany ametist reňkli «Swarovski» kristallary bilen bezelipdir. Öz gezeginde, «Moto Buds 2 Plus» gulaklyklarynyň her biri 12 sany kristal bilen bezelen bolsa, olaryň energiýa beriş gutusyna goşmaça 41 sany bezeg elementi ýerleşdirildi.
Ýat gurluşy 16/512 GB bolan «Motorola Signature» smartfonynyň ýörite görnüşiniň bahasy 1400 ýewro bolar. «Moto Buds 2 Plus» gulaklyklarynyň bahasy bolsa 150 ýewro diýlip kesgitlendi.
