«Mercedes-Benz» meşhur «C-Classyň» täze neslini tanyşdyrdy

MilliInfo

11 sagat öň

«Mercedes-Benz» meşhur «C-Classyň» täze neslini tanyşdyrdy

«Mercedes-Benz» Wengriýadaky zawodynda doly elektrik nusgasyndaky «C-Class» modeliniň tapgyrlaýyn önümçiligine badalga berdi. Bu markanyň agzalan kärhanasynda öndürilýän ilkinji elektrikli modelidir. Ýakyn wagtda Hytaý bazary üçin tigir binýady giňeldilen nusga hem garaşylýar.

Täze awtomobil 800 woltluk platformada gurlupdyr. Iki motorly doly çekiji ulgam 360 kWt (490 at güýji) kuwwaty we 590 Nýuton-metr aýlaw pursadyny öndürip, 100 km/sag tizlige bary-ýogy 4 sekuntda ýetmäge mümkinçilik berýär. Iň ýokary tizlik sagatda 210 km bilen çäklendirildi.

Täze nesil «ChatGPT 4o» multimedia ulgamy, şeýle hem «Microsoft» we «Google AI» hyzmatlary bilen utgaşykly işleýär.

Elektromobil 94 kWt·sag sygymly çekiji batareýa bilen enjamlaşdyrylyp, ol WLTP ölçegleri boýunça 762 km çenli ýol geçmäge ukyplydyr. 330 kWt çenli kuwwatly çalt zarýad beriş ulgamy arkaly bary-ýogy 10 minutda 325 km ýol üçin energiýa toplap bilýär, akkumulýatoryň energiýasyny 10%-den 80%-e çenli çykarmak üçin bolsa 22 minut ýeterlikdir.

Awtomobiliň daşky dizaýnynda 1050 sany swetodiod elementinden ybarat bolan yşyklandyrylýan öň panel aýratyn ünsi çekýär. Bu elementler awtomobil energiýa alýan wagtynda, gapylary açylanda ýa-da ýapylanda ýörite animasiýa effektlerini emele getirýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info