«Mercedes-Benz» «GLB» krossowerini doly täzeledi — onuň ikinji nesli elektrik ulagyna öwrüldi we tehnologiýa taýdan ep-esli kämilleşdirildi. Onuň dizaýny öňküsi ýaly aýdyň aýratynlyklara eýe bolsa-da, gabarasy düýbünden täzedir: ölçegleri 4732 х 1861 х 1687 mm, tigir binýady 2889 mm çenli uzaldyldy, bu bolsa ozalky nusgasyndan 60 mm artykdyr. Oturgyçlaryň üçünji hatary hem ozalkysy ýaly, alyjylar üçin elýeterli bolmagynda galýar.
Ilkibaşda ulagyň iki görnüşi hödürlenýär:
«GLB 250+» — 272 at güýjüne we 335 Nm ölçegine barabar bolan, iki basgançakly reduktor bilen üsti ýetirilen bir elektromotorly nusga;
«GLB 350 4Matic» — umumy kuwwaty 354 at güýjüne we 515 Nm ýetýän iki motorly, doly çekijili görnüş.
Sygymy 85 kWt·sag bolan ýeke-täk batareýanyň ätiýaçlyk energiýasy ulagyň görnüşine baglylykda, 614-den 631 km çenli (WLTP) ýol külterlemegi üpjün edýär. Ulag 320 kWt kuwwatlylyga çenli energiýa almagy goldaýar, kompaniýa geljekde akkumulýatorlaryň görnüşlerini giňeltmegi hem meýilleşdirýär.
Ulagyň salonynda emeli intellekt (AI) kömekçisi bolan media ulgamy we öňdäki ýolagçy üçin aýratyn ekrany öz içine alýan hem-de islegiňe görä gurnalýan «Superscreen» monitory ýerleşdirilipdir.
Germaniýadan sargytlaryň bahasynyň 59 048 ýewrodan başlanýandygy bellenilýär. Ulagy getirmek işleri şu ýylyň ýazynda başanýar.