Täze «Audi Q5L» tanyşdyryldy: awtopilot, rahat gurşaw we amatly baha

MilliInfo

17 Ýanwar, 2026

Hytaýda «FAW-Audi» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan döredilen üçünji nesil «Audi Q5L» resmi taýdan tanyşdyryldy. Krossower birnäçe artykmaçlygy bilen global görnüşden tapawutlanýar: onuň uzynlygy 125 mm artdyryldy, ulagyň esasy tehnologik aýratynlygy bolsa «Huawei» kompaniýasynyň iki sany lidar bilen enjamlaşdyrylan kömekçi ulgamydyr (ADAS).

Modeliň başlangyç bahasy 44 420 dollara barabardyr, bu bolsa täze ulagyň satuwa çykarylan pursatynda öňki nesil «Q5L-den» has amatly boljakdygyny aňladýar. Bu «Audi» üçin möhüm ädimdir, sebäbi 2024-nji ýylda Hytaýda «Q5L-iň» satuwy 8,2% azalyp, 133 589 awtomobile çenli peselipdi.

Awtomobiliň salonynda üç sany displeý, şol sanda ýolagçy ekrany we üsti ýetirilen hakykat (AR) nawigasiýasy bilen taslamalaşdyrylan displeý ýerleşdirilipdir. Kapotyň astynda 48 woltluk ulgam bilen işleýän bäşinji nesil 2 litrlik «EA888» turbomotor ýerleşýär. Ol 201 we 268 at güýjüne barabar bolan iki görnüşde hödürlenýär hem-de 7 basgançakly «robot» tizlik gutusy we doly çekiji ulgamy bilen üpjün edilýär.

Täze «Q5L» Hytaý bazary üçin mahsus bolan ýarym gizlin gapy tutawaçlary we üýtgedilen yşyklandyryş ulgamy ýaly özboluşly çözgütlere eýe boldy. Ulagyň ölçegleri 4842 x 1900 x 1660 mm bolup, onuň okunyň aralygy (wheelbase) 2945 mm deňdir. Bu bolsa ikinji nesil «Q5L-den» 72 mm köpdür.

Goşmaça mümkinçilik hökmünde pnewmatik asma hödürlenýär, elektron kömekçiler bolsa awtomobile şäher ýollarynda we awtomagistrallarda awtopilot düzgüninde özbaşdak hereket etmäge hem-de onuň awtomatik usulda duralgada goýulmagyna mümkinçilik döredýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info