«Lexus» kompaniýasy 2026-njy ýylyň täzelenen «IS» sedanyny köpçülige hödürledi. Awtomobildäki esasy üýtgeşmeler salonyň içki bezegine we dolandyryş aýratynlyklaryna degişlidir.
Täze sedan has kämilleşdirilen we duýgurlygy artdyrylan elektrikli rul dolandyryş ulgamy bilen üpjün edildi. Şeýle-de, ulagyň daşky görnüşine birneme döwrebap öwüşgin berlip, «F Sport» nusgalary üçin täze yzky spoiler goşuldy.
Esasy täzelikler awtomobiliň salonynda jemlenendir: «Lexus» öňdäki paneli we merkezi bölegi doly täzeledi. Ulagyň sanly abzallar paneliniň we multimedia ulgamynyň ölçegi 12,3 dýuým bolan iki sany uly ekran bilen enjamlaşdyryldy.
Awtomobiliň täze «F Sport Mode Black V» ýörite görnüşi özüne çekiji «BBS» galyply (forge) diskleri, gyzyl reňkli tormoz supportlary we has ýokary hilli içerki bezegi bilen tapawutlanýar. Ýaponiýada täzelenen IS300h modeliniň bahasy, takmynan, 40 müň dollardan başlanýar, «Mode Black V» nusgasynyň bahasy bolsa 46,5 müň dollara deňdir.