«Toyota» kompaniýasy «Yaris Cross» krossoweriniň «Nightshade» diýip atlandyrylan täze görnüşini tanyşdyrdy. Model «DNGA» platformasynda gurlup, gurluşy täzeden işlenen, emblemanyň astyndaky reňkli öwüşgin bilen bezelip, «Metro Stylish» görnüşli täze radiator gözenekleri we tutuş gabara boýunça gara reňkli bezeg aýratynlyklaryna eýe boldy. Gara reňkli 18 dýuýmlyk diskler, ýalpyldawuk örtükler, öwüşginli üçegi we kämil görnüşde hödürlenýän iki reňki täzelenen modeli ýeňil «feýsliftingden» geçen kiçi «Highlandere» meňzedýär.
Salonyň içinde deri oturgyçlar, panorama üçek, 10,1 dýuýmlyk media ekrany, geçirijisiz energiýa beriji we «Toyota Safety Sense» howpsuzlyk ulgamynyň doly toplumy bar. Bu ýörite seriýa iň baý mümkinçiliklere esaslanyp, enjamlaşdyrylyşy bilen öz derejesiniň adaty çäklerinden has ýokary çykýar. Mundan başga-da, modeliň uzynlygynyň 4310 mm-e çenli uzandygy aýratyn bellenýär. Munuň özi Aziýa bazary üçin niýetlenen «Yaris Cross» awtoulagynyň Ýewropa görnüşinden ep-esli uly bolmagyny üpjün edýär.
Ulagyň tehniki tarapy üýtgemedi: «Nightshade» öňküsi ýaly 110 at güýjündäki gibrid ulgamy saklap galdy. Ol 1,5 litrlik «Dual VVT-i» atmosfera benzinli hereketlendirijiniň we elektromotoryň birleşmeginden ybarat bolup, olaryň işi «E-CVT» transmissiýasy arkaly öňki oka geçirilýär.
Täze nusganyň eýýäm Tailandda elýeterli bolandygyny we sargyt esasynda 29 müň dollardan satylýandygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, bu model sebitiň çyzgydynda iň gymmat «Yaris Cross» bolar.