«Xiaomi» kompaniýasy «Redmi Note 17 Pro» smartfonyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Täze enjamyň esasy aýratynlyklary 9000 mAs rekord sygymly akkumulýatoryndan we gabarasynyň ýokary durnuklylygyndan ybaratdyr.
Kompaniýa akkumulýatora hyzmat etmegiň bäş ýyllyk maksatnamasyny ýola goýdy: eger ilkinji dört ýylyň dowamynda onuň sygymy 80%-den aşak düşse, batareýa mugt çalşyrylar.
Esasy kamera 50 megapiksellik datçikden we 2 megapiksellik çuňluk sensoryndan ybarat, öňdäki kameranyň durulygy bolsa 8 megapiksele deňdir. Wideoýazgy sekuntda 30 kadr tizlikli 1080p formaty bilen çäklenýär. Smartfon «HyperOS 3» ulgamy arkaly işleýär we 5G, Wi-Fi 5, Bluetooth 5.1, NFC hem-de stereo dinamikler bilen üpjün edilendir.
Hytaýda «Redmi Note 17 Pro» modeliniň bahasy 8/128 GB ýatly görnüşi üçin 220 dollardan başlanýar. 12/256 GB ýatly modeliniň bahasy 305 dollar, 8/512 GB nusgasynyň bahasy bolsa 320 dollar diýlip bellenildi.
