«Samsung» kompaniýasy täze «Galaxy A17» smartfonynyň üç reňkdäki — çal, gök we gara görnüşlerdäki nusgalaryny hödürledi.
Telefonyň arka tarapynda 50 megapiksellik baş kamera (f/1.8), 5 megapiksellik giňburçly modul (f/2.2) we 2 megapiksel ölçegdäki makro kamera (f/2.2) ýerleşdirildi. Öň tarapynda bolsa selfi we wideojaňlar üçin niýetlenen 13 megapiksellik kamera bar.
«Galaxy A17» modeli 5000 mA·s göwrümdäki kuwwaty bilen tapawutlanýan batareýa bilen üpjün edildi. Bu telefon 25 Wt kuwwatly tiz geçirijili energiýa bermek ulgamyny hem goldaýar. Beýleki aýratynlyklarynyň hatarynda bolsa barmak yzlaryny tanamak ulgamyny (gapdal panelde ýerleşýär), 7,5 mm galyňlykdaky inçe gabarany, «Bluetooth 5.3» we «Android 15» ulgamynda işleýän «One UI 7» operasion ulgamynyň täze görnüşini görkezmek bolar.
Täze model 6,7 dýuýmlyk «Infinity-U» görnüşli Super AMOLED displeýi bilen enjamlaşdyrylandyr. Ekran FHD+ derejesinde bolup, täzelenme tizligi 90 Hz.
«Galaxy A17-nni» başlangyç bahasy 239 ýewro (277 dollar) bolup, bu 4/128 GB göwrümli modele degişlidir. 6 GB we 8 GB operatiw ýat bilen enjamlaşdyrylan nusgalaryň häzirki wagtda Ýewropada elýeterli bolmanlygy aýdylýar, emma olaryň ýakynda beýleki bazarlarda peýda bolmagyna garaşylýar.