«Samsung Galaxy M17» smartfony hödürlendi: amatly baha we ýokary hilli displeý

MilliInfo

12 Oktýabr, 2025

«Samsung» resmi taýdan «Galaxy M17» smartfonyny hödürledi — bu kompaniýanyň iň täze we bahasy boýunça elýeterli modelleriniň biridir. 140 amerikan dollaryndan satylýan bu enjam ýokary hilli şekil durnuklaşdyryjyly displeýi, optiki (OIS) kamerasy we beýleki birnäçe aýratynlygy bilen tapawutlanýar.

Smartfon 6,7 dýuýmlyk FHD+ durulygy bolan «Super AMOLED» displeý bilen enjamlaşdyryldy. Ekranyň täzeleniş tizligi 90 Gerse, iň ýokary ýagtylygy bolsa 1100 nite ýetýär. Ekranyň üsti «Corning Gorilla Glass Victus» gorag aýnasy bilen örtüldi. Mundan başga-da, ekran damjalary görkezmäge ukyply 13 megapiksellik öňki frontal kamera bilen üpjün edildi.

Enjamyň arka panelinde 50 megapiksellik optiki durnuklaşdyryjyly baş kamera, 5 megapiksellik giň burçly modul we 2 megapiksellik makro sensor ýerleşýär.

Smartfonyň «ýüregi» hökmünde 8 GB operatiw ýady we 128 GB goşmaça ýat bilen utgaşykly işleýän bir kristally «Samsung Exynos 1330» ulgamy görkezilýär. Ulanyjylar zerur bolan ýagdaýynda 2 TB çenli ölçegdäki ýat kartasyny goýup bilerler. Enjam 5000 milliamper/sag göwrümli akkumulýator bilen işleýär, ol 25 W kuwwatyndaky çalt geçirijili energiýa beriş tehnologiýasyny goldaýar.

«Galaxy M17» telefony gutudan çykarylan badyna «Android 15» ulgamynyň esasynda işlenilen «One UI 7» interfeýsi bilen işleýär. Ol iki SIM-karta üçin niýetlenen gibrid bölegi, howpsuzlyk üçin gapdallynda ýerleşýän barmak yzlaryny tanaýjy skaner, 7,5 mm galyňlykdaky inçe gabara we IP54 derejesindäki suwa we tozana garşy gorag serişdesi bilen enjamlaşdyrylandyr.

Şunlukda, 140 amerikan dollaryna 4/128 GB görnüşli modeli, 175 dollara bolsa 8/128 GB görnüşli nusga hödürlenýär.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo