«Samsung» ilkinji üç eplenýän «Galaxy Z TriFold» smartfonyny hödürledi

MilliInfo

4 Dekabr, 2025

«Samsung» resmi taýdan üç eplenýän «Galaxy Z TriFold» smartfon-transformerini hödürledi. Ol eplenýän «Galaxy» smartfonlaryň arasynda iň uly ekrana, şeýle-de oýlanyşykly programma çözgütlerine we flagman aýratynlyklara eýe boldy.

«Z TriFoldyň» esasy aýratynlygy ulanylmaýan wagty esasy eplenýän ekranyň doly goragyny üpjün edýän iki titan şarnirden ybaratdyr. «Huawei Mate XT-den» tapawutlylykda, «Z TriFoldyň» daşky ekrany yzky tarapda ýerleşýär, onuň iki tarapy bolsa merkeze eplenip, esasy ekrany doly ýapylýar.

6,5 dýuýmlyk daşky ekran 2520 x 1080 piksel durulyga, 1 – 120 Gs täzelenme ýygylygyna we 21:9 tarap gatnaşygyna hem-de 10 Mp frontal kamera eýe boldy. Ol 2600 nite çenli iň ýokary ýagtylygy üpjün edýär we «Corning Gorilla Glass Ceramic 2» aýnasy bilen goralýar.

Uly ekran bir wagtda üç programmany biri-biriniň ýanynda portret düzgüninde işe girizmäge mümkinçilik berýär. «Galaxy Z TriFold» smartfonyna syçanjyk we klawiatura birikdirilende, ol ykjam noutbuga öwrülýär.

Smartfon berk alýuminden ýasalan çarçuwa bilen üpjün edildi, onuň iň inçe böleginiň ýogynlygy bary-ýogy 3,9 mm barabar.

Onuň agramy 309 gram bolup, ýygnalan görnüşdäki ölçegi 159,2 x 75 x 12,9 mm. «Z Fold7» we «Z Flip7» smartfonlary ýaly «Z TriFold» hem IP48 ülňüsi boýunça suwdan we tozandan goraga eýe boldy.

Smartfon «Snapdragon 8 Elite for Galaxy» prosessory bilen enjamlaşdyryldy. Operatiw ýat 16 GB, içki fleş-ýat 512 GB ýa-da 1 TB barabar.

Yzky tarapda 200 Mp esasy datçikden, 3 esse zum bilen 10 Mp moduldan we 12 Mp ultra giňburçly moduldan ybarat üçli kamera ýerleşdirildi.

Şeýle-de, smartfon yzky üç panelde ýerleşdirilen 5600 mA/sag sygymly üç bölekden ybarat akkumulýator bilen üpjün edildi. Smartfon 45 Wt kuwwatly simli we 15 Wt simsiz energiýa mümkinçiligini goldaýar.

Smartfonyň bahasy entek belli däl. Ol ilki 12-nji dekabrda, anna güni Koreýa Respublikasynda satuwa çykarylar. Geljekde bolsa «Galaxy Z TriFold» Hytaýda, Taýwanda, Singapurda, BAE-de we ABŞ-da elýeterli bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo