«GAC Toyota» bilelikdäki kärhanasy meşhur «Toyota Camry» sedanynyň täze sport görnüşini — «Camry Sport Lite Glory Edition» modelini Hytaýda resmi taýdan tanyşdyrdy. Täze awtoulagyň resmi bahasy 194 800 ýuan (takmynan 27 890 müň dollar) bolar. Emma ýörite arzanladyşlary we köne awtoulagy täzesine çalşyrmak (trade-in) maksatnamasyny hasaba alanyňda, bahanyň 130 000 ýuana (takmynan 18 610 müň dollara) çenli aşaklamagyna garaşylýar.
Daşky görnüşi we dizaýn aýratynlyklary
«Camry Sport Lite Glory Edition» özüniň üýtgeşik dizaýny bilen tapawutlanýar. Awtoulagyň esasy aýratynlyklarynyň arasynda ýalpyldamaýan (матовый) çal reňki, gara öwüşginli radiator gözenegi, garaldylan brend logotipi we 18 dýuýmlyk iki reňkli diskler bar. Ulagyň içki dizaýny doly gara reňkde ýerine ýetirilip, ol döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir. Salonda 7 dýuýmlyk sanly görkezijiler paneli, 10,25 dýuýmlyk displeýi bolan multimediýa ulgamy hem-de panoramaly üçek ýerleşdirilipdir.
Tehniki häsiýetnamalary
Täze model gibrid güýç ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. Onuň düzüminde 152 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik benzin hereketlendirijisi we 113 at güýjüne eýe bolan elektromotor bar.
Awtoulagyň tygşytlylygy hem ýokary derejededir: WLTC ölçegine görä, ulag her 100 kilometr ýol üçin bary-ýogy 4,5 litr ýangyç sarp edýär.